ABŞ-nyň Hamas baradaky tutumy üýtgemedi

ABŞ Hamasy terror guramasy hökmünde görýär

152282
ABŞ-nyň Hamas baradaky tutumy üýtgemedi

ABŞ, Ýewropanyň Adalat diwanynyň Hamasyň terror guramalarynyň sanawyndan çykarylmagy barada kabul eden kararyna garşylyk görkezdi.
ABŞ ÝB-ni Hamasa goýan embargolaryny dowam etdirmäge çagyrdy.
Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Psaki gündelik metbugat ýygnagynda kaziýetiň kararyny ünslilik bilen seljerýändiklerini belledi we ABŞ-nyň Hamas baradaky tutumynyň üýtgemändigini nygtady.
Psaki ABŞ Hamasy terror guramasy hökmünde görýändigini ýatlatdy.
Britaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan mesele barada berlen beýanatda hem "Hamasyň terror guramalarynyň sanawynda galmagy üçin elimizden geleni ederis”diýildi.
BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun hem “BMG-nyň howpsyzlyk geňeşi meseläni gün tertibine alyp biler emma bu iki lideriň çözüp biljek meselesi” diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar