Abbas garaşylmadyk ýagdaýda İordaniýa bardy
Abdullah II bilen Abbas sebitde başdan geçirilýän sońky wakalar we Al Aksa metjidine guralan hüjüm barada pikir alyşdy
Palestinanyń Prezidenti Mahmud Abbas garaşylmadyk ýagdaýda İordaniýa bardy.
İordan Şasy Abdullah II bilen duşuşan Abbas sebitde başdan geçirilýän sońky wakalar we Al Aksa metjidine guralan hüjüm barada pikir alyşdy.
Metbugata ýapyk ýagdaýda geçen duşuşykda İordan Şasy Abdullah Ýakyn Gündogarda parahatçylygyń we howpsyzlygyń ýola goýulmagyna goldaw berýändiklerini Al Aksa metjidine goýlan gadagançylygyń ortadan aýrylmalydygyny aýtdy.
Mahmud Abbas duşuşykdan soń metbugata beýanat berdi.
Abbas “Al Aksa metjidi meselesinde İordaniýa uly jogapkärçilik düşýär. İeurusalymdaky keramatly ýerleriń goralmagy meselesinde İordaniýanyń tutumy diýseń möhüm. İordan Şasy Abdullah Al Aksa meselesinde öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirendir” diýdi.
Degişli Habarlar
Halkara Günägeçişlik guramasy Ysraýyly Gazada “Genosid” Edýänlikde Günäkärledi
Bu barada Guramanyň Baş sekretary Agnes Kallamard halkara jemgyýetçiligine çagyryş etdi.