Serbiýa bilen Albaniýanyń arasynda dartgynlyk emele geldi

Albaniýanyń Premýer ministri Edi Rama 68 ýyl soń ilkinji gezek Belgrada bardy

187381
Serbiýa bilen Albaniýanyń arasynda dartgynlyk emele geldi

Kosowa sebäpli Serbiýa bilen Albaniýanyń arasynda dartgynlyk emele geldi.
Albaniýanyń Premýer ministri Edi Rama 68 ýyl soń ilkinji gezek Serbiýanyń paýtagty Belgrada bardy.
Ramanyń saparynyń çäginde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren beýanatynda Kosowanyń garaşsyzlygy meselesini gün tertibine getirmegine Serbiýanyń Premýer ministir Aleksandr Wuçiç berk garşylyk görkezdi.
Albaniýanyń Premýer ministri Edi Rama “Kosowanyń garaşsyzlygy meselesinde gapma-garşy garaýşa eýediris. Emma ortada bir hakykat bar we üýtgedilip bilinmez. Kosowa garaşsyzlygyny yglan etdi, Halkara jenaýat kaziýeti hem tassyklady we muńa sarpa goýmalydyrys” diýdi.
Albaniýanyń Premýer ministriniń bu sözleri dartgynlyk emele getirdi.
Serbiýanyń Premýer ministri Albaniýaly kärdeşini prowakasiýa bilen günäkärledi “ Beýle prowakasiýa garaşmaýardym” diýdi.
“Kosowa Albanlary gyzyklandyrýan mesele däl” diýen Wuçiç Kosowanyń Serbiýanyń konstitutsiýasyna görä öz territoriasyna degişlidigini öńe sürdi, soń bolsa dartgynlygy gowşatmaga çalyşdy.
Wuçiç “Bu prowakasiýa meni biynjalyk eden bolsa-da Serbiýa Albaniýa bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek üçin tagalla eder”diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar