Russiýa İerusalymda başdan geçirilýän wakalara alada bildirýär

“Gündogar İerusalymdaky wakalar aladalandyryjy”

183744
Russiýa İerusalymda başdan geçirilýän wakalara alada bildirýär

Russiýanyń Daşary işler ministrligi Gündogar İerusalymda başdan geçirilýän wakalar barada beýanat berdi.
Ysraýylly esgerleriń Al Aksa metjidine girmeginden soń başdan geçirilýän wakalar barada berlen beýanatda sońky günlerde başdan geirilýän wakalara Russiýanyń alada bildirýändigi nygtaldy.
Beýanatda palestinaly bir adamyń ulagyny ysraýylly piýadalaryń üstüne sürmegi we 14 adamyń ýaralanmagy, sürüjiniń ysraýylyń polisi tarapyndan öldürilmegi wakasy ýatladyldy we şuńa meńzeş wakalaryń bilkastlaýyn bolup biljekdigine ünsi çekildi.
Beýanatda “Gündogar İerusalymda başdan geçirilýän wakalara uly alada bildirýäris. İki tarapy sagdyn pikirli hereket etmäge we wakalaryń bes edilmegi üçin tagalla etmäge çagyrýarys. Üç uly diniń keramatly şäherinde başdan geçirilýän wakalar Palestina bilen Ysraýylyń arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniń çäginde halkara kanunlara laýyklyk çözülmeli” diýildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar