Al Aska sebäpli dartgynlyk dowam edýär

Palestinalylar bilen Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda 17 adam ýaralandy

184856
Al Aska sebäpli dartgynlyk dowam edýär

Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň Al Aska metjidine guran operasiýasý sebäpli başlan dartgynlyk dowam edýär.
Ramallah şäherinde guralan ýörişde Palestinalylar bilen Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda 17 adam ýaralandy.
Gazada bolsa Al Fetihiň agzalarynyň öýlerine we ulaglaryna hüjüm guraldy.
Hüjümde ölen ýada ýaralanan bolmady.
Al Fetih hüjümlerden Hamasyň jogapkärdigini öňe sürdi.
Beýleki tarapdan Ysraýylyň Al Aksa metjidine operasiýa gurmagyna uly garşylyk görkezilýär.
İordaniýada Juma namazyndan soň müňlerçe adam Ysraýyla garşy ýöriş gurady.
Ýörişde Ysraýylyň ilçisiniň deport edilmegi we iki ýurduň arasyndaky parahatçylyk şertnamasynyň bes edilmegi islendi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar