"Biz asudalyk isleýäris"

Mahmud Abbas İerusalyma we Mesjidi Aksa garşy hereketleri kabul etmejekdiklerini aýtdy

179511
"Biz asudalyk isleýäris"

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas İerusalyma we Mesjidi Aksa garşy hereketleri kabul etmejekdiklerini aýtdy.
Palestinanyň resmi habarlar gullugy WAFA-nyň berýän habaryna görä Abbas Palestina Azat edijilik guramasynyň Ýerine ýetirijiler geňeşiniň maslahatynda eden çykyşynda “İerusalym bilen Mesjidi-Aksa meselesi we soňky günlerde başdan geçirilýän wakalar bizi gaty gynandyrýar” diýdi.
Abbas Mesjidi Aksanyň bolşy ýaly goralmagy çagyryşyny berdi we “Palestinanyň hökümeti hökmünde İerusalym we Mesjidi Aksa garşy hereketleri kabul etmeris. Ozal hem belläp geçişimiz ýaly Aksa biziň üçin keramatlydyr” diýip belledi.
Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahudan şu gün “asudalyk” ýüzlenmesiniň gelip gowşandygyny aýdan Abbas çykyşynda “Biz hem asudalyk isleýäris” diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar