Kerri Garaşsyzlyk baýramyny gutlady

Kerri Prezident Barak Obamanyň we Amerikan halkynyň adyndandan türk halkyny 29-njy oktýabr Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady

173605
Kerri Garaşsyzlyk baýramyny gutlady

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Prezident Barak Obamanyň we Amerikan halkynyň adyndandan türk halkyny 29-njy oktýabr Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady.
Kerri beren ýazmaça beýanatynda iki hökümetiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki halkyň howpsuzlygy we bagtyýarlygy üçin diýseň möhümdigine ünsi çekdi.
Kerri ABŞ bilen Türkiýäniň NATO agza iki ýurt hökmünde halkara derejesinde hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini ýatlatdy.
Beýanatynda geçen aý Ankarada Prezident R. T. Erdogan, Premýer ministr Ahmet Dawutogly we Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşandygyny aýdan Kerri käbir ugurlarda tapawutly garaýşa eýediklerine garamazdan iki ýurduň biri-biriniň garaýşyna sarpa goýýandygyny belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar