Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlyk gowşaýar

Taraplar Minisk ylalaşygyna laýyklykda hereket eder we kabul edilen maddalary gyşarnyksyz ýerine ýetirer

161278
Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlyk gowşaýar

Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlyk gowşaýar.
Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň liderler maslahatyna gatnaşmak üçin İtaliýanyň Milana şäherine baran Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Ukrainanyň Prezidenti Poroşenko möhüm duşuşyk geçirdi.
İki lider duşuşykda birnäçe meselede ylalaşyk gazandy.
Duşuşykdan soň metbugata beýanat beren Ukrainanyň Prezidenti Poroşenko taraplaryň Minisk ylalaşygyna laýyklykda hereket etjekdigini we kabul edilen maddalary gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdigini aýtdy.
Poroşenko dartgynly sebitleriň Germaniýanyň we Fransiýanyň uçarmansyz howa ulaglary tarapyndan gözegçilik astyna alynmagy barada ylalaşyk gazanylandygyny belledi.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem gazanylan ylalaşykdan hoşaldygyny aýtdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar