ABŞ-da ebola howsalasy

Afrikada 4 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp bolan ebola wirusy ABŞ-ly bir adama ýokaşdy

154566
ABŞ-da ebola howsalasy

Geçen hepde Tehasda ýogalan liberiýaly hassa sereden şepagat uýasyna wirus ýokaşdy.
Liberiýaly hassa geçen hepde ýogalypdy. Hassahana şepagat uýasynyň howpsyzlyk düzgünlerini bozandygy üçin wirusa sezewar bolandygyny habar berdi.
Wirusyň başga saglygy saklaýyş işgärlerine ýokaşyp-ýokaşmandygy anyklanmaga synanşylýar.
Hassahada gyssagly kömek bölümine kabul edişlikler bes edildi, ebolaly şepagat uýasy izolirlendi.
Bostonyň golaýynda-da Liberiýadan gaýdyp gelen hassada ebola şübhesi sebäpli kliniki hassahanalardan biri karantina alyndy. Hassa soň başga hassahana alynyp gidildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar