Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlyk gowşaýar

Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko anna güni Russiýanyň Lideri Wladimir Putin bilen duşuşjakdygyny aýtdy

154136
Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlyk gowşaýar

Liderler İtaliýanyň Milan şäherinde geçiriljek Aziýa-Ýewropa maslahatynda duşuşarlar.
Poroşenkonyň we Putiniň tebigy gaz meselesi bilen hüjümleri bes edilmegi barasynda pikir alyşmagyna garaşylýar.
Beýleki tarapdan Ukrainanyň gündogaryndan çaknyşyk habarlary gelmäge dowam edýär.
Soňky gezek düýn Donetsk şäherinde guralan hüjümde 5 adam ýogaldy.
BMG-dan berilen beýanata laýyklykda 5-nji sentýabrda hüjümleriň bes edilmegi barasynda gol çekişilen ylalaşykdan bäri 300 adam ýogaldy.
Beýleki tarapdan Russiýanyň Prezidenti Putin noýabr aýynda G-20-niň Awstraliýa geçiriljek maslahatyna gatnaşjakdygyny habar berdi.
Mundan ozal Gallerde geçirilen NATO-nyň maslahatynda Awstrliýa G-20-niň maslahaty üçin Putine ugradylan çakylygy yzyna çekmek barasynda teklip edipdi, emma soň çakylygyň güýjüni saklaýandygyny beýan edipdi.
Ukrainanyň gündogaryndaky wakalar sebäpli Russiýanyň G-8-däki duşuşyklara gatnaşmagynyň öňüni almak üçin agza döwletler G-7 formatynda Brýusselde jemlenşipdi.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bolsa Ukrainanyň serhedindäki Rostow şäherindäki rus harby güýçleriniň yza çekilmegi barada buýruk berdi.
17600 rus esgeri tomus aýlarynda türgenleşik meýdanlarynda tälim alypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar