ABŞ Ysraýyly ýazgardy

Ysraýyl palestinalylaryň ýerini ellerinden aldy

146922
ABŞ Ysraýyly ýazgardy

ABŞ Ysraýylyň Gündogar İýerusalimde palestinalylara degişli 5 gekdar ýeri ellerinden almagynyň “Ysraýyly iň ýakyn hyzmatdaşlaryndan hem çetleşdirjekdigi we palestinalylar bilen ylalaşyk tagallalaryna bolan ynamy azaltjakdygyny” nygtady.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Con Earnest ABŞ-nyň Ysraýylyň Gündogar İýerýsalimdäki şol ynjyk ýer baradaky meýilnamasyny durmuşa geçirmegine “çuňňur alada bildirýändigini” aýtdy.
Earnest şol başlangyjyň Ysraýyl tarapyndan beýan edilýän palestinalylara hemişelik hukuk derejesinin berilmegi baradaky ylalaşygy ara alyp maslahatlaşma maksadyna ters gelýändigini we degişli ýer üçin tender yglan edilen halatynda ýa-da gurluşyga başlansa, onuň “diýseň biynjalyk ediji” netijäni ýüze çykarjakdygyna ünsi çekdi.
Con Earnest “Bu waka diňe bir halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýazgarylmaga sebäp bolar. Ysraýyly iň ýakyn hyzmatdaşlaryndan hem çetleşdirer, diňe bir palestinalylar bilen däl, Premýer ministr Netanýahunyň gatnaşyk açmak isleýändigini aýdýan arap hökümetleri bilen hem bolan gatnaşyklary hem zäherlär. Şeýle-de Ysraýylyň palestinalylar bilen ylalaşyk gazanyljak çözgüde bolan ynamyna-da ikirjiňlenme döreder” diýdi.
ABŞ Gündogar İýerusalimdäki binalaryň alynmagyny hem ýazgardy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar