Siriýa dartgynly bolmagynda galýar

Halapda barrel bombasy bilen guralan hüjümlerde 23 adam ýogaldy

Siriýa dartgynly bolmagynda galýar

Siriýanyň hökümetine degişli dik uçarlar Halapda oppozisiýanyň gözegçiligindäki Haýderiýe we Şeýh Farif etraplaryna barrel bombasy bilen hüjüm gurady.
Hüjümlerde köp sanly adam ýaralandy, käbir ulaglar we iş ýerleri hatardan çykdy.
Ýaralananlar ulaglar bilen göçme hassahanalara alynyp gidildi.
Soňky günlerde Siriýanyň harby güýçlerine degişli harby uçarlar we dik uçarlar oppozisionerleriň gözegçiligindäki ýerlere guraýan hüjümlerini ýaýbaňlaşdyrdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar