Russiýa roketa synagyny geçirdi

Russiýa ýurduň demirgazyk günbataryndaky Ak deňizde ýadro uç göterme ukybyna eýe bolan ballistiki roketa synagyny geçirdi

Russiýa roketa synagyny geçirdi

Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi İgor Nonaşenko köp sanly harby uç göterme ukybyna eýe bolan “Bulawa” roketasynyň Ak deňizdäki Wladimir Manomah atly ýadro deňiz asty gämisinden atylandygyny aýtdy.
Synagyň deňiz asty gämisinin harby ulgamlarynyň gözegçiligi maksatnamasynyň çäginde geçirilendigini aýdan Konaşenkow, roketanyn üstünlikli ýagdaýda ýurduň gündogaryndaky Kamçatkada ýerleşýän kura poligonyna barandygyny nygtady.
Russiýa 2013-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Aleksandr Newski atly ýadro deňiz asty gämisinde geçiren 19-njy synagynda üstünlikli bolupdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar