ABŞ-da wirus duýdyryşy…

Köp sanly çaga hassahana ýatyryldy

ABŞ-da wirus duýdyryşy…

Ýurduň merkezi sebitlerindäki 12 ştatynda müňden gowrak çaga, sowuklama meňzeş ýarawsyzlyga sebäp bolan “Enterowirus 68” atly wirus sebäpli hassahana alynyp gidildi.
Çagalaryň bir bölegi reanimasiýada.
Şeýle wiruslaryň güýz aýlarynda epidemiýa sebäp bolýandygyny nygtaýan hünärmenler, şeýle ir we giň gerimli ýokaşmanyň üns çekijidigini beýan edýär.
Maşgalalaryň wirusdan goranmak boýunça ünsli bolmaklary we esasanda ellerini ýygy-ýygydan ýuwmaklary maslahat berildi.
Kolumbiýada bolsa syrly hassalyk aladalary güýçlendirýär.
Karmen De Boliwar şäherinde soňky hepdelerde 300-den gowrak gyzjagaz şeýle ýarawsyzlyklar sebäpli hassahanalara ýüz tutdy.
Essinden gitmek, kelle agyrysy we ellerde guruşma ýaly biynjalyklar ene-atalaryň aýtmaklaryna görä çagalara ýatgyagzy ragyna garşy sanjymyň edilmeginden soň ýüze çykdy.
Ýolbaşçylar bolsa synaglarda şeýle netije gabat gelmändiklerini aýdýarlar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar