Ukrainanyň gündogarynda dartgynlyk möwjeýär

Ukraina meselesi boýunça geçirilen maslahatda dünýä liderleriniň beren ýüzlenmeleri ýurduň gündogaryndaky dartgynlygy gowşatmady

106133
 Ukrainanyň gündogarynda dartgynlyk möwjeýär

Russiýanyň tarapynda durýan separatistler Ukrainanyň gündogarynda hökümetiň gözegçiligindäki Nowoazowskaýa şäherini tok okuna tutdy. Wakanyň dowamynda 4 adam ýaralandy.
Beýleki tarapdan Horliwka we İlowaýsk şäherinde separatistler bilen Ukrainanyň esgerleriniň arasynda güýçli çaknyşyklar boldy.
Çaknyşyklarda 200 separatist bilen 13 ukrain esgeri ýogaldy.
Donetskde bolsa ulaglardan birine snarýadyň degmegi sebäpli asuda ilatdan köp sanly adam ýogaldy.
Beýleki tarapdan diplomatik duşuşyklardan ylalaşyk ýüzlenmeleri gelmäge başlady.
Russiýanyň Lideri Wladimir Putin bilen Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko Ukrainanyň gündogaryna beriljek ynsanperwer kömekkeriniň Gyzylhaç guramasy arkaly ugradylmagy barasynda ylalaşdylar.
Ukrainanyň Premýer ministri Arseni Ýatsenýuk bolsa geljek hepde geçiriljek NATO-nyň maslahatynda ýurduna kömek berilmegi barada möhüm kararlaryň kabul edilmegine garaşýandygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar