YDYD guramasy Yrakda gyrgynçylyk edýär

Merkel Yrak Damask Yslam Döwleti guramasynyń Yrakda gyrgynçylyk edýändigini aýtdy

105669
YDYD guramasy Yrakda gyrgynçylyk edýär


Germaniýanyń Federal Kansleri Angela Merkel Yrak Damask Yslam Döwleti guramasynyń Yrakda gyrgynçylyk edýändigini aýtdy.
Merkel Yrakda başdan geçirilýän wakalar sebäpli herekete geçmegiń wagtynyń gelendigini belledi.
Sebitdäki wakalar barada “Uly betbagtçylyk başdan geçirilýär. Gyrgynçylyk hem diýip bileris” diýen Merkel, Germaniýanyń şol sebäpli ilki bada ynsanperwer kömek üçin işe girişendigini we BMG-nyń çäginde edilýän tagallara goldaw berendigini ýatlatdy.
Angela Merkel Yragyń demirgazygyna ýańadandan 100 tonna ynsanperwer kömek önüminiń uradyljakdygyny belledi.
Merkel “YDYD guramasyna garşy söweşýänlere harby enjam taýdan kömek bereris. Kürt goşuny YDYD guramasyna garşy söweşmäge taýar” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar