Yrakda messepleriň arasyndaky dartgynlyk möwjeýar

Şaýy ekstremistleri sünnüleriň barýan metjide girip çem gelen ýere ot açdy

100199
Yrakda messepleriň arasyndaky dartgynlyk möwjeýar

Yrakda messepleriň arasyndaky dartgynlyk möwjeýar.
Diýala welaýatynda şaýy ekstremistleri sünnüleriň barýan metjide girip çem gelen ýere ot açdy.
Hüjümde 70 adam ýogaldy.
YDYD guramasynyň ýanynda söweşen Aşiret ynkylapçylary atly sünni topar bolsa tutumyny üýtgetdi we YDYD guramasyna garşy guran ilkinji hüjüminde gurama agza 30 adamy öldürdi.
Yrakda messepleriň arasyndaky dartgynlyk paýtagt Bagdatdan 120 kilometr alysda ýerleşýän İmam Weýiz obasyna guralan hüjüm sebäpli möwjedi.
Ýurtda etniki we dini toparlar tarapyndan kabul ediljek hökümetiň gurulmagy etabynda guralan hüjüme berk garşylyk görkezildi.
Yrakly şaýy din adamy Aýetullah Ali As Sistany hökümetiň gurulmagy işleriniň depgininiň güýçlendirilmegi çagyryşyny berdi.
Sistany ähli toparlaryň birlikde hereket etmelidigini nygtady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar