Palestinanyň Daşary işler ministri Maliki Wenesuella bardy

Maliki Wenesuellanyň Prezident Nikolas Maduro bilen duşuşdy

90923
Palestinanyň Daşary işler ministri Maliki Wenesuella bardy

Palestinanyň Daşary işler ministri Riýad Al Maliki Wenesuellanyň paýtagty Karakasda Prezident Nikolas Maduro bilen duşuşdy
Maliki Prezident Maduro ilkinji ynsanperwer kömegini ýörite uçar bilen sişenbe güni ugradandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi.
Maliki “Biz dünýäniň hiçbir ýerinde beýle ýakynlyk görmedik” diýdi.
Ysraýyly tankyt eden Wenesuellanyň Prezidenti Nikolas Maduro hem Palestinanyň garaşsyzlygyna goldaw berýändiklerini nygtady.
Maduro “Wenesuellada ýaşaýan arap jemgyýeti, Gaza sektorynda infstrukturanyň dikeldilmegi üçin maslahat geçirer. Hüjümleriň bes edilmeginden soň Gazanyň halkyna kömek bermäge dowam ederis” diýdi.
2009-njy ýyldan bäri Wenesuella bilen Palestina diplomatiýa taýdan ýakyndan gatnaşyk edýär


Etiketkalar:

Degişli Habarlar