Eýran Abadini gutlady

Eýran Abadini gutlady we goldaw berjekdigini aýan etdi

Eýran Abadini gutlady


Eýran Yrakda hökümeti gurmak jogapkärçiligi berlen Haýdar Al Abadini gutlady we ýurtdaky syýasy etabyň tamamlanmagy üçin edilýän tagallalara goldaw berjekdigini aýan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda “Eýran Yslam Respublikasy Yrakda syýasy etabyň tamamlanmagy üçin edilýän tagallalara we parlament saýlawynyň üçinji tapgyrynyň üstünlikli ýagdaýda geçirilmegine goldaw berýär. Saýlawlarda üstünlik gazanylmagy we täze hökümetiň gurulmagy barasyndaky işleriň konstitutsiýa laýyklykda başladylmagy sebäpli Yragyň halkyny, hökümetini we dini ýolbaşçylaryny gutlaýarys” diýildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar