ABŞ Barzana çagyryş berdi
Baýdyn Mesud Barzani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýdyn Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Mesud Barzani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Ak Tam tarapyndan berlen beýanatda iki lideriň Yrakdaky soňky wakalar we harby operasiýalar barada pikir alyşandygy bellenildi.
Telefon söhbetdeşliginde Baýdynyň ähli yraklylara wekilçilik etjek täze hökümetiň gurulmagy jogapkärçiligi berlen Haýdar Al Abadi bilen ýakyndan işleşmek isleýändige ünsi çekendigi bellenildi.
Beýanatda Baýdynyň Abada golda berilmegini isländigi ýatladyldy.
Telefon söhbetdeşliginde YDYD guramasyna garşy göreş maksady bilen Amerika tarapyndan berilýän kömekleriň hem seljerlendigi nygtaldy.
Degişli Habarlar
Idlibe Birnäçe Hüjüm Guraldy
Idlibde çaknyşyksyz zolakda ýerleşýän 14 etrapça birnäçe hüjüm guraldy.