NATO Russiýa duýduryş berdi

Rasmussen ýokary derejeli gepleşikler geçirmek üçin Ukraina bardy

83004
NATO Russiýa duýduryş berdi


NATO-nyń Baş sekretary Ansders Fog Rasmussen ýokary derejeli gepleşikler geçirmek üçin Ukrainanyń paýtagty Kiewe bardy.
Rasmussen saparynyń çäginde metbugata beren beýanatynda Russiýanyń Ukraina girmeginiń Russiýa Federassiýasyna sanksiýa goýulmagyna sebäp bolup biljekdigini aýtdy.
Rasmussen “Eger Russiýa hüjümlerini dowam etdiren halatynda Russiýanyń ykdysadyýetine uly zeper ýetirip biljek sanksiýalar goýlar” diýdi.
Anders Fog Rasmussen saparynyń çäginde Ukrainanyń Parlamentiniń başlygy Aleksander Turçinow bilen duşuşdy.
Turçinow Ukrainanyń halkynyń Russiýanyń alyp barýan propagandasy sebäpli NATO ońaýsyz garaýandygyny emma Russiýanyń Ukrainanyń gündogaryndaky aksiýalary sebäpli we Krymyń basylyp alynmagyndan soń şol ýagdaýyń üýtgändigini aýtdy.
NATO-nyń Baş sekretary Rasmussen, Krymyń Russiýa tarapyndan basylyp alynmagyny we Russiýanyń Ukrainanyń gündogaryndaky aksiýalaryny ýazgardy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar