Nikolas Maduro Ysraýyly gyrgynçylyk etmek bilen günäkärledi

“Bir tarapda gyrylýan basyp alyşlyk astyndaky Palestina, beýleki tarapda harby taýdan üstünlik gazanýan, halkara hukugy basgylaýan basyp alyp güýç Ysraýyl bar”

65629
Nikolas Maduro Ysraýyly gyrgynçylyk etmek bilen günäkärledi

Wenesuellanyň Prezidenti Nikolas Maduro Ysraýyly gyrgynçylyk etmek bilen günäkärledi.
Maduro Ysraýylyň Gazada asuda ilaty, zenanlary we çagalary öldürmek bilen gyrgynçylyk edýändigini aýtdy.
Nikolas Maduro halkara jemgyýetçiligini palesinalylar bilen ysraýyla deň derejede garamagyny hem tankyt etdi we “Bir tarapda gyrylýan basyp alyşlyk astyndaky Palestina, beýleki tarapda harby taýdan üstünlik gazanýan, halkara hukugy basgylaýan basyp alyp güýç Ysraýyl bar”diýdi.
Maduro Palestinanyň ýaragly güýçleriniň hem ýokdygyny, muňa garamazdan Ysraýylyň ýaragly güýçleriniň döwrebap ýaraglar bilen üpjün edilendigine ünsi çekdi.
“Ysraýylyň roketalary niräni bombalamak isleýän bolsa şol ýerini bombalaýar” diýen Maduro, roketa hüjümleri sebäpli asuda ilatyň ýogalýandygyny nygtap “Şübhesiz gyrgynçylyk edilýär” diýip belledi.
Wenesuella BMG-nyň Adam hukuklary geňeşiniň hem Ysraýyly ýazgarmak üçin jemlenişmegini isledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar