Ukraina Russiýa duýduryş berdi

Ukraina serhet howpsyzlygyny berkedýär

Ukraina Russiýa duýduryş berdi

Ukrainanyň içeri işler ministriniň orunbasary Anton Çeraşçenko ýurtda serhet howpsyzlygynyň üpjün ediljekdigini, serhetden rus harby ulagy geçen halatynda hatardan çykaryljakdygyny aýtdy.
Çeraşçenko Kiýewde geçiren metbugat ýygnagynda ýurtdaky wakalar barasynda maglumat berdi.
Serhet howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin degişli çäreleri görmäge synanşýandyklaryny aýdan Anton Çeraşçenko, Russiýanyň harby maksatly serhet bozmalaryna ýol berilmejekdigini nygtady.
Çeraşçenko “Eger Russiýadan Ukraina haýsydyr bir tank ýa-da ýük ulagy girmäge synanşan halatynda howa hüjümi ýa-da top hüjümleri bilen hatardan çykarylar. Ähli serhet galalaryny gözegçilik astyna almak üçin iňňän az wagtymyz bar. Täze serhet galalaryny gurup bikanun geçişleriniň öňüni almak isleýäris” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar