Merkel Hytaý Halk Respublikasyna guraýan resmi saparyny dowam et
Merkel Hytaýyň Döwlet başlygy Şi Sinping bilen duşuşdy
Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Hytaý Halk Respublikasyna guraýan resmi saparyny dowam etdirýär.
Merkel saparynyň ikinji gününde Hytaýyň Döwlet başlygy Şi Sinping bilen duşuşdy.
Duşuşykda iki ýurduň arasynda strategiýa taýdan hyzmatdaşlyk edilmegi meselesine garaldy.
Şi Germaniýanyň “Ýüpek ýoly ykdysadyýet koridory” meselesine goldaw bermeginden hoşaldygyny aýtdy.
Hytaýyň Ýewropa ýurtlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdigini aýdan Şi, Germaniýanyň hem Hytaý bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklarda esasy rol oýnamaga dowam etmegini isledi.
Germaniýanyň Federal Kansleri Merkel hem finans, senagat, tehnalogiýa, sosial howpsuzlyk, uçar we kosmos senagaty ýaly ugurlarda edilýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak isleýändiklerini aýtdy.
Germaniýanyň hytaýly işewürler üçin maýa goýum mümkinçiliklerini kadalaşdyrjakdygyna ünsi çeken Merkel, iki ýurduň halklarynyň iki taraply saparlaryny ýeňilleşdirjekdiklerini belledi.