Yrakda halk arkalaşygy dowam edýär

Yrakda taraplaryň arasynda çaknyşyklar bes edilemedik hem bolsa, halkyň arasynda doly arkalaşyk bar

117644
Yrakda halk arkalaşygy dowam edýär

Tirkrit we Tuzhurmatu şerherlerini terk edip, Kerkuga sygynan türkmenlere sünniler, şaýylar we hristiýanlar hem kömek edýär.
Çaknyşyklarda iň agyr ýitgini türkmenler çekýär.
Tuzhurmatu we Tirkrit şäherlerinde bolan çaknyşyklardan gaçan türkler Kerkuk şäherine we merkezi etraplara gelýärler.
Şolaryň 250 sanysy Kerkukda Sport ministrligine degişli bina ýerleşdirildi.
Esasy bölegi şaýy bolan türkmenlere sünni halk gol-ganat gerýär.
Şol hakykat Yrakda dowam edýän messep we dini çaknyşyklaryň aslyna seredilende halklaryň arasynda ýokdugyny görkezýär.
Merkezi Bagdatda ýerleşýän keldanileriň Kerkukdaky ruhanysy Ýusuf Tomas Mikrisiň paýlaýan kömegi esasan azyk önümlerden ybarat.
Şäherde ýaşaýan şaýylaryň, sünnileriň we hristiýanlaryň buthana ugradan kömegini paýlaýarlar.
Keldani ruhanysy Ýusuf Tomas Mirkis hüjümleriň şaýylara, sünnilere we hristiýanlara agyr zyýan ýetirýändigini aýdýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar