"Wakalara uly alada bildirýäris"

Pan Gi Mun Yrakda guralan terrorçylykly hüjümleri ýazgardy

90134
"Wakalara uly alada bildirýäris"

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun Yrakda guralan terrorçylykly hüjümleri ýazgardy.
Munyň Mosul şäherinde başdan geçirilýän wakalara alada bildirýändigi nygtaldy
BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stephane Dužarriç Yrak Damask Yslam döwleti guramasynyň Mosul şäheriniň gözegçiligini ele geçirmeginden soň başdan geçirlen wakalar hakynda beren beýanatynda Baş sekretar Pan Gi Munyň Mosulda howpsuzlygyň bozulmagyna we asuda ilatdan müňlerçe adamyň başga sebitlere göçmäge mejbur bolandygyna alada bildirýändigini belledi.
Geňeşçi Baş sekretaryň Yrakdaky ähli syýasy liderlere ýurduň başdan geçirýän howpuna garşy jebislikde hereket etmek çagyryşyny berendigini ýatlatdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar