Ozalky Premýer minisr Mehleb bilen ýoluna dowam eder

Sisi ozalky Premýer ministri İbrahim Mehlebi bilen ýoluna dowam etmek hakynda karar kabul etdi

88672
Ozalky Premýer minisr Mehleb bilen ýoluna dowam eder

Müsürde Prezidentlige saýlanan harby agdarlyşygyň binagäri Abdulfettah Sisi ozalky Premýer ministri İbrahim Mehlebi bilen ýoluna dowam etmek hakynda karar kabul etdi.
Jedelleşikli saýlawlardan soň Prezidentlige saýlanan Sisiniň ykdysady çökgünligiň we syýasy bölünşigiň öňüni almak üçin şeýle karar kabul edendigi nygtalýar.
Ozalky ministrleriň käbiriniň hem täze hökümetde ýer almagyna garaşylýar.
Beýleki tarapdan Müsürde demokratiýa goldaw berýänlere edilýän basyşlar dowam edýär.
“Çaknyşyklary höweslendirmek” bilen aýyplanan agdarlyşyga garşy durýan 112 adam hakynda gozgalan kaziýet işinde aýyplanýanlaryň her biriniň bir ýyl azatlykdan mahrum edilendigi we jemgyýetiň peýdasyna işlemek jezasynyň berlendigi aýan edildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar