Russiýa weto etjekdigini habar berdi

Fransiýa tarapyndan Siriýa meselesi boýunça taýarlanan teklip şu gün sese goýular

70841
Russiýa weto etjekdigini habar berdi

Russiýa Siriýada edilen harby jenaýatlaryň Halkara jenaýat kazyýetiniň gün tertibine getirilmegi üçin Fransiýa tarapyndan taýarlanan we şu gün BMG-nyň howpsyzlyk Geňeşinde sese goýuljak karar taslamasyny weto etjekdigini habar berdi.

Taslamada Siriýada edilen jenaýatlaryň hem BMG-nyň Baş sekretary bilen BMG-nyň düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýygy-ýygydan gün tertibine getirilendigi nygtalyp, Siriýadaky ýagdaýyň halkara parahatçylygyna we howpsyzlygyna wehim emele getirýändigi beýan edilýär.

Taslamada 2011-nji ýykyň mart aýyndan bäri Siriýanyň hökümeti we hökümete goldaw beren söweşijiler bilen beýleki döwlete degişli däl ýaragly toparlaryň eden jenaýatlary berk ýazgarylyp, Siriýadaky ýagdaýyň Halkara jenaýat kazyýetiniň gün tertibine getirilmegi we prokuroryň derňew işini başlatmagy islenýär.

Russiýa BMG-nyň Howpsyzlyk Geneşiniň hemişelik agzasy bolandygy üçin weto ygtyýaryndan peýdalanan halatynda teklip kabul edilip bilinmez. Şeýlelikde dünýä parahatçylygyny we howpsyzlygyny goramaka üçin iş alyp barýan BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşi Siriýa meselesinde ýene-de bir gezek funksiýasyny ýitirer.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar