Obama Poroşenkony gutlady

Prezident saýlawlaryndan soň resmi Waşington bilen Kiýewiň arasynda ilkinji söhbetdeşlik geçirildi

75228
Obama Poroşenkony gutlady

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama ukrainaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ak Tamdan berilen beýanatda Obamanyň saýlawda üstünlik gazanan Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenkony gutlandygy nygtaldy.
Ukrainany doly goldaýandygyny ýene-de bir gezek nygtan Barak Obama; ykdysadyýet, maýa goýum we aç-açan döwlet dolanşygy üçin gyssagly reformalaryň geçirilmegi üçin çagyryş etdi.
Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde iki ýurduň arasyndaky dialogyň dowam etmegi we Amerikanyň berýän kömeginiň yzgiderliligi barasynda ylalaşylandygy nygtaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar