Siriýa dartgynly bolmagynda galýar

Ýurduň dürli etraplarynda Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň guran hüjümlerinde 82 adam ýogaldy

 Siriýa dartgynly bolmagynda galýar

Siriýanyň Umumy ynkylap geňeşi, Azat Siriýa goşunynyň Halabyň Bereýj etrabynda Asada tabynlykdaky güýçlere hüjüm gurandygyny habar berdi.

Hüjümde 25 esgeriň öldürilendigi öňe sürüldi. İki tarapyň arasynda güýçli çaknyşyklaryň bolandygy, bir tankyň hatardan çykarylandygy mälim edildi.

Beýleki tarapdan Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland himiki ýaraglary ulanmaga dowam eden halatynda Siriýanyň hökümetine goşmaça sanksiýalaryň goýuljakdygyny aýtdy.

Oland Siriýanyň oppozision we ynkylapçy güýçleriniň Milli koalisiýasynyň başlygy Ahmed Al Jabrany düýn Elize köşkünde kabul etdi.

Fransua Oland “Siriýanyň hökümeti mümkin bolan ähli usullardan, hat-da iň erbetlerinden peýdalanýar. Eger täze deliller talyplan halatynda täze hökümetiň kazyýet işine çekilmegi we goşmaça sanksiýalaryň goýulmagy üçin ähli hukuky düzgünlerden peýdalanarys” diýdi.

Siriýanyň halkynyň adyndan çykyş edip biljek ýeke-täk ygtyýarly organyň Siriýanyň oppozision we ynkylapçy güýçleriniň Milli koalisiýasydygyny nygtan Oland Parižde koalisiýa üçin ilçihana açyljakdygyny nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar