Moldowa bilen Russiýa Transdinýester meselesinde ylalaşmaýar

Russiýanyň Wise-premýeri Dmitri Ragozini howa menzilinde saklady

66321
Moldowa bilen Russiýa Transdinýester meselesinde ylalaşmaýar

Moldowa 1990-njy ýylda garaşsyzlygyny yglan eden Transdinýester welaýatyna goldaw berýän Russiýanyň Wise-premýeri Dmitri Ragozini howa menzilinde saklady

Moldowaly ýolbaşçylar Kişinewiň halkara howa menzilinde saklanan Ragoziniň ýanyndaky Transdinýesteriň resmi Moskwa tarapyndan ykrar edilmegini isleýän arzalary aldylar.

Arzalaryň seljeriljekdigi mälim edilenden soň Ragoziniň Kişinewden gitmegine rugsat berildi.

Russiýanyň Wise-premýeri Ragozin bolsa intertnetde çap eden ýüzlenmesinde moldowaly ýolbaşçylaryň arzalaryň diňe az sanlysyny alandygyny, esasy böleginiň ýük ulagy bilen ugradylandygyny aýtdy.

Saparynyň dowamymynda Rumyniýanyň howa giňişligini resmi Waşingtonyň islegine laýyklykda ýapandygyny nygtan Ragozin, indiki gezek harby uçar bilen geljekdigini aýdyp, Buhareste nägileligini bildirdi.

Dmitri Ragozin Russiýanyň Krymy özüne birikdirmeginde eýelän pozisiýasy sebäpli ABŞ-nyň we ÝB-nin gara sanawyna girizildi.

İlatynyň esasy bölegi ruslardan ybarat bolan Transdinýester 1990-njy ýylda Moldowadan garaşsyzlygyny yglan edipdi. Şol karar döwletleriň hiç haýsy tarapyndan ykrar edilmedi.

Transdinýester meselesinde Moldowanyň ýanynda durýan ÝB geçen aý Moldowanyň raýatlaryna wiza ulgamyny bes edipdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar