Donetskde we Luhanskda referendum

Ukrainanyň Donetsk we Luhansk welaýatlarynda garaşsyzlyk yglan etmek üçin referendum geçirilýär

65561
Donetskde we Luhanskda referendum


Donetskde we Luhanskda referendum
Ukrainanyň Donetsk we Luhansk welaýatlarynda garaşsyzlyk yglan etmek üçin referendum geçirilýär
Donetskde we Luhanskda referendum
Posted 11.05.2014 06:49:57 UTC
Updated 11.05.2014 06:49:57 UTC
www.trtturkmen.com

Russiýanyň tarapdarlary garaşsyzlyk, Russiýa birikmek ýa-da ygtyýarlarynyň artdyrylmagy şerti bilen Ukrainanyň çäginde galmak dogursyndaky kararlaryny referendumdan soň berjekdiklerini beýan edýärler.

Referendum resmi Kiýew we günbatar ýurtlary tarapyndan ykrar edilmeýär.

Öňňin 7 adamyň ölen Mariupol şäherinde we käbir ýerlerde halk ses bermäge ir başlady.

Referendumda halka “Donetskiň we Luhanskyň dolanşyklarynyň öz-özlerini dolandyrmagyny goldaýaňyzmy” diýlen sorag soralýar.

Ukrainanyň prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Aleksandr Turçinow referendumyň halkyň esasy bölegini ykdysady we sosial çökgünlige alyp gitjekdigini duýdurdy.

Turçinow resmi Kiýewiň ýurduň gündogarynyň wekilleri bilen gepleşik geçirmage taýardygyny, emma terrorçylar bilen bir stoluň başyna oturulmajakdygyny aýtdy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bolsa ylalaşyga şans döretmek üçin referendumyň yza süýşürilmegini isläpdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar