Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1690645
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al Kudus al arabi: ABŞ diplomatlaryny Kabuldan çykarmak we goramak üçin sebite wagtlaýyn häsýetde 3000 esger ugradar. 

Aljazeera: Taliban Gaznanyň gözegçiligini ele geçireninden soň Kabula golaýlady. Hökümet operasiýalaryny bes eden halatynda ygtyýary özleri bilen paýlaşyp biljekdiklerini beýan etdi. 

Aldustour: Russiýa: "Sputnik sanjymy Delta görnüşine garşy 83 göterim täsirli" diýip habar berdi. 

focus.de: Talibanyň hüjümlerini artdyrmagy sebäpli Federal hökümet nemeslere Owganystany iň gysga wagtda terk etmekleri barada çagyryş berdi. 

spiegel.de: Germaniýanyň Daşary işler ministri Haýko Maas: "Taliban ýurdy dolulygyna ele geçirse Owganystana bir sent hem berilmez" diýip aýan etdi. 

Frankfurter Allgemeine Zeitung: Owganystan: Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Taliban bilen duşuşyp biljekdigini habar berdi. 

El Mundo (Ispaniýa): Ispaniýanyň sanjymy gijä galmaz: "Içindäki protein emele gelip biljek koronawirusyň täze görnüşlerine garşy özgerdip biliner" diýip mälim edildi. 

La Jornada (Meksika): Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduro oppozisiýa bilen geçiriljek gepleşiklerden ozal beýanat berdi: "Şantažlary kabul etmeris" diýip habar berdi. 

El Komersio (Peru): Boliwiýanyň ozalky Döwlet baştutany Ewo Morales, koronawirus epidemiýasynyň biologik söweşiň bir bölegidigini öňe sürdi. 

RIA Nowosti: Woronež şäherinde duralgada duran awtobusyň partlamagy netijesinde 1 adam ýogaldy, 19 adam ýaralandy. 

TASS: Russiýanyň Içeri işler ministrligi Azerbaýjanyň Belarussiýadaky ozalky ilçisi Isfandiýar Wahapzadeniň Russiýa girişini 50 ýyllygyna gadagan etdi.  

RT: Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu hytaýly kärdeşi Wei Fenghe bilen geçiren duşuşygynda iki ýurdyň harby hyzmatdaşlygynyň artdyrylmagynyň gerekdigini belledi. 

Le Parisien: Fransiýada aşa yssy howa: 5 sebit entegem narynç duýduryş derejesinde. 

Le Monde:Bu gezek gözegçilik edilmejek ýagdaýda: Alžirde halk, ýurdyň Kabiliýe sebitine ýaramaz täsir ýetiren tokaý ýangynlarynyň öňünde çäresiz. 

Le Figaro: Marokko we Ysraýyl ikitaraplaýyn häsýetde ilçihana açarlar. 

 


Etiketkalar: #habar , #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar