Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1682745
Daşary ýurt metbugatyna syn

“Al Rala Al Katariýe” Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan: “Türkiýe hemlelere boýun egmez” diýdi.

“Al Zeman” ABŞ-nyň Yragyň paýtagty Bagdatdaky ilçihanasynyň golaýyna raketa hüjümi guraldy.

“Al Watan” Bahreýin koronawirus sebäpli 16 ýurduň raýatlaryna syýahat gadagançylygyny goýdy.

“Frans 24” Senegalda koronawirus epidemiýasynyň 3-nji tolkuny sebäpli wirusa ýoluganlaryň sany artdy.

“Le Matin” Fransiýada galp koronawirus sanjym şahadatnamasyny taýarlan 1 adam 1 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

“Le Figaro” Geçirlen ylmy barlaga görä, tussaglykda ýatanlaryň 1/3 bölegi bir ýyl soň ýaňadandan jenaýat edýär.

“ZDF” Germaniýada himiýa desgasynyň galyndylary ýakylýarka bolan partlamada ýogalanlaryň sany 5 adama ýetdi.

“ARD” Germaniýada iýul aýynyň infilýasiýasy 3,8 göterim bilen soňky 13 ýylyň iň ýokary çäregine çenli baryp ýetdi.

“ZEIT” Ysraýyl 60 ýaşyndan ýokardaky raýatlaryna üçünji doza Pfizer/BioNTech sanjymyny etmäge başlady.

“Sportu”ru” Olimpiada oýunlarynda 200 metre ýüzmekde ýeňilen amerikaly türgen Rýan Murphy altyn medal alan rus bäsdeşi Ýewgeni Rylowyň doping ulanandygyny öňe sürdi.

“El Mundo” Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy göwreli zenanlary ilkinjileriň hatarynda sanjym etdirmeleriň toparyna aldy.

“Infobae” Täze görkezijiler sanjym etdiren adamlaryň koronawirusyň Delta görnüşini başgalaryna ýokaşdyryp biljekdigini görkezýär.

“Telesur” Argentinada 18 ýaşyndaky ýokardaky ilatyň 75 göterimden gowragy Kovid-19 sanjymyny etdirdi.



Degişli Habarlar