Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1620958
Daşary ýurt metbugatyna syn

Le Monde: Fransiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli girizilen karantin düzgüni howanyň hapalygy sebäpli çekilýän ortaça 2300 adam pidasynyň öňi aldy. 

Al-Kudus Al-Arabi: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Oraza aýynyň asudalyk aýydygyny beýan etdi. Berlindäki ýepiskoplar bolsa Gurhanda ýazylan agyz beklemegiň we merhemediň ähmiýedini belläp geçdiler. 

Al-Kudus Al-Arabi: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, 11-nji sentýabra çenli ähli Amerikan harby güýçlerini Owganystandan şertsiz ýagdaýda yzyna çekjekdigini habar berdi. 

Al Jazeera: Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sani bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde: "Sebitdäki krizisleriň çözüwi diňe konstruktiw dialog bilen bolar" diýip belledi. 

Al-Dustour (Iordaniýa): Hytaýda H5N6 guş gribi howsalasy başdan geçirilýär. 

Die Zeit: Ukraina krizisi: ABŞ-nyň Prezidenti Jo baýden, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine 3-nji bir ýurtda duşuşyk geçirmegi teklip etdi. 

Die Welt: Ýokanç kesellerden goramak kanuny: Federal hökümet bütin Germaniýa degişli boljak adatdan daşary ýagdaý gollanmasyny tassyklady. 

El Pais (Ispaniýa): ABŞ-nyň ulanylyşyny togtatmak baradaky maslahatdan soň, Johnson & Johnson kärhanasynyň sanjymyny öndürýän Belgiýadaky Janssen kärhanasy, Kowid-19 sanjymynyň Ýewropadaky paýlama tapgyryny yza süýşürdi. 

La Jornada (Meksika): Meksikanyň Döwlet baştutany Lopez Obrador: "Milli saýlaw edarasyna ynanamok" diýip belledi. 

El Komersio (Peru): Perudaky saýlawlar: "Azat Peru" partiýasynyň lideri Pedro Kastillo sanawyň ilkinji ornuna geçdi. 

Gazeta.ru: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine strategik ähmiýetli meseleleri kadalaşdyrmagy teklip etdi. 

Kommersant gazedi: Russiýanyň Daşary işler ministrligi: "SWİFT-den çykarylan halatymyzda başga saýlamlary (alternatiwa) ulanarys" diýip belledi. 

Lenta.ru: Çeçenistan Respublikasynyň Prezidenti Ramzan Kadyrow, tussaghanada bolan rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň Gurhan kitabyny okamak baradaky talabyny tankyt etdi. Kadyrowa görä, Yslam dinine garşy bolmak bilen bilinýän Nawalnyý, Gurhany syýasy maksatlar bilen ulanar. 


Etiketkalar: #gazet , #dünýä , #metbugat , #habar

Degişli Habarlar