Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň we Türkiýänin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

Deutsche Welle: Germaniýada musulmanlara garşy rasizm mejlisiň gün tertibinde.
Frankfurter Rundschau: Täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň Günorta Afrika mutasiýasy Germaniýa baryp ýetdi. Çäklendirmeleriň möhlediniň uzadylmagy Federal Kansler Angela Merkeliň gün tertibinde.
Süddeutsche Zeitung: Germaniýada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli göz öňüne tutulan maliýe kömekleriň kesilmegine garşy nägilelikler artýar.
Al-Kudus al-Arab: Önümçiligine giýç galan Ýewropa, Türkiýeden uçarmansyz howa ulaglaryny satyn alarmy?
Al-Kudus al-Arabi: ABŞ-nyň Prezidenti Donad Tramp, ýurdunda Parahatçylygyň we asudalygyň goralyp saklanmagy barada çagyryş berdi.
Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Ertir penşenbe güni Tunis, uly halk gozgalaňyndan soň, Zeýnel Abidin bin Aliniň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň çetleşdirilmeginiň 10-njy ýylyny ýatlap geçerler.
Le Figaro (Fransiýa): WhatsApp, ulanyjylaryna maglumatlaryň gizlinligi babatynda ynam döretmäge synanyşýar.
Le Soir (Belgiýa): Moderna sanjymy öňümizdäki hepdeden başlap Belgiýada edilmäge başlanar.
Le Parisien (Fransiýa): Twitter ve Facebook gollanmalaryndan soň, indi bolsa YouTube hem Donald Trampyň hasabyny doňdurdy.
La Vanguardia (Ispaniýa): Moderna sanjymynyň ilkinji dozalary Ispaniýa bardy.
El Mundo (Ispaniýa): Üçünji epidemiýa tolkuny saglygy goraýyş ulgamynyň gorkusyny artdyrýar: Kowid-19 sebäpli hassahana ýüz tutýan adamlaryň sany azalmaýar.
Prensa Latina (Kuba): Wenesuelanyň nebit kärhanasy, Petroleos, 2021-nji ýylda nebit önümçiligini günde 1,5 million barrele çykarmagy maksat edinýär.
RIA Nowosti: ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy, Demirgazyk Akym-2 tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň gurluşygynda Russiýa kömek beren Ýewropaly kärhanalara sanksiýa howpy babatynda duýduryş berdi.
TASS: Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan sişenbe güni Telegram gollanmasynda özüne hasap açdy. Yzarlaýjylarynyň sany şu wagtdan eýýäm 100 müň adamdan geçdi.
Izwestiýa Gazedi: Gyrgyzystanyň täze Prezidenti Sadyk Japarow Russiýa bilen strategik hyzmatdaşlyklarynyň dowam etjekdigini habar berdi.