Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň we Türkiýänin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1559849
Daşary ýurt metbugatyna syn

La Wanguardia (Ispaniýa): Ispaniýalylaryň ýarsyndan gowragy epidemiýa garşy has berk öňüni alyş çäreleriň görülmeginiň tarapdary. Halkyň aglaba bölegi Kowid-19 sanjymynyň ýagdaýy kadalaşdyryjakdygyna şübheli garaýar. 

El Uniwersal (Meksika): ABŞ-nyň Meksikadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kristofer Landau: "Bu waka syýasy medeniýetimize we gymmatlyklarymyza wekilçilik etmeýär" diýip belledi. 

Klarín (Argentina): Russiýa tarapyndan oýlanyp tapylan Kowid-19 sanjymynyň ilkinji dozasyny etdiren argentinaly şepagat uýasy ýaňadadan koronawirusa ýolukdy. Sebäbi derňelýär. 

Aldostour: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy: "Britaniýada mutasiýa sezewar bolan Kowid-19-yň çalt ýaýraýan täze görnüşi Ýewropanyň 22 ýurdunda hasaba alyndy" diýip habar berdi. 

Alraýa: Katar Howaýollary kärhanasy, Saud Arabystanynyň howa giňişliginiň üsti bilen uçar saparlaryny ýaňadandan başlatdy. 

Alkudus: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Kongres binasyndaky eden-etdiligi ýazgardy we tertip-düzgünli geçiş etabynyň boljakdygy barada söz berdi. 

Süddeutsche Zeitung: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Prezident wezipesinden boşadylmagy üçin yzly-yzyna çagyryşlar berilýär. 

Deutsche Welle: ABŞ-nyň täze bellenen Prezidenti Jo Baýden, Kongres binasyna Trampyň tarapdarlarynyň girilmeginiň sebäbiniň Trampyň jogapkärdigini belledi. Baýden demonstrantlary ýerli terrorçylar hökmünde häsýetlendirdi. 

Tagesschau.de: Germaniýada elektrik tok bilen işleýän ulaglar geçen ýyla garanyňda 206 göterim artdy. 

Krasnaýa wesna Habarlar agentligi: Türkiýäniň hökümeti BioNTech kärhanasynyň sanjym önümçiliginiň artmagy bilen, ýurda getiriljek sanjym sanynyň hem artjakdygyny habar berdi. 

Izwestiýa Gazedi: ABŞ-nyň wekiller mejlisiniň başlygy Nensi Pelosi, Kongres binasyna guralan hüjümiň, Trampyň Putine sowgadydygyny belledi. 

Ria Nowosti Agentligi: Ukraina koronawirusa ýolugýan adamlaryň artmagy sebäpli, 8-nji ýanwar anna gününden başlap berk öňüni alyş çärelerini görmäge başlar. 

Le Figaro: Fransiýanyň günorta-günbatarynda guş gribi anyklanan fermalaryň sany 2 esse artdy. 

Le Monde: ABŞ-nyň Kongresindäki wakalaryň skandaldygyny bellän Donald Tramp, wezipesini meselesiz ýagdaýda berjekdigini habar berdi. 

France 24: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň wezipesinden çekilmegi bilen bagly çagyryşlar barha artýar. 


Etiketkalar: #Tramp , #dünýä , #metbugat

Degişli Habarlar