Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1535365
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Türkiýe we Katar 10 aýry şertnama gol çekip, strategik gatnaşyklaryny güýçlendirýär. 

Watan (Oman): G-20-ä agza ýurtlaryň liderleri, koronawirus sanjymynyň adalatly ýagdaýda paýlanjakdygy barada söz berdiler. 

El-Mustakbal (Liwan): Iordaniýa, BAE, Saud Arabystany we Müsür Dörttaraplaýyn maslahatda Siriýa krizisini ara alyp maslahatlaşarlar. 

Tagesschau.de: Germaniýada dekabr aýy üçin koronawirus bilen baglanşykly görüljek öňüni alyş çäreleri: Mekdepler açyk galar, iň köp 5 adam bir ýere jemlenip biler, maska mejbur ýagdaýda bolmaga dowam eder.

Süddeutsche Zeitung: Germaniýada koronawirus: Federal Kansler Angela Merkel Ýewropadaky ähli lyža merkezleriniň ýapylmagyny isleýär. 

Bild.de: Maradonanyň miras syry: Futbolçynyň mirasyna näme bolar?

Infobae, Argentina: Diýego Armanda Maradonanyň soňky ýolagçylygy: Maşgalasy we dost-ýarlary ýörite çäre bilen ýyldyz bilen hoşlaşdylar. 

La Vanguardia, Ispaniýa: Ispaniýadaky hassahanalar Roždestwodan ozal koronawirus bilen baglanşykly görkezijilerden aladaly. 

El Pais, Ispaniýa: Oksford uniwersiteti özüniň Kovid-19 sanjymy bilen bagly soňky görkezijileri täsirliliginde şübhe döretdi. 

Le Monde: Fransiýada Polisiýa işgärleriniň eden-etdilikleriniň artmagyna garşy Prezident Emmanuel Makron we hökümet deňagramlylygyň gözleginde.

France 24: Eger Saýlaw Geňeşi Jo Baýdeni saýlasa, Donald Tramp Ak Tamdan çykar. 

Lenta.ru: Kremliň Metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow: "Russiýada köpçülikleýin sanjym täze ýyldan ozal başlar" diýip mälim etdi. 

RIA Nowosti: Ermenistanda iş alyp barýan rus esger öli ýagdaýda tapyldy. Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 

TASS: Forbes žurnaly, Russiýadaky iň ýokary aýlyk alýan kärleriň sanawyny çap etdi. Žurnalyň habar bermegine görä iň köp aýlyk, nebit, gaz, senagat we telekommunikasiýa kärhanalaryň ýolbaşçylary alýar. 


Etiketkalar: #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar