Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1531206
Daşary ýurt metbugatyna syn

Bild.de: Koronawirus krizisi: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, täze görnüş koronawirus (Kovid-19) sanjymynyň dekabr aýynda taýar bolmagyny umyt edýändigini habar berdi. 

Ard.de: Ýewropa Bileleşiginde býujet bilen bagly geçirilýän gepleşiklerde krizisiň hötdesinden gelinip bilinenok. Polşanyň we Wengriýanyň weto etmegi sebäpli, Kovid-19 bilen bagly kömekleriň öňi kesildi. 

Süddeutsche Zeitung: ABŞ-daky Prezident saýlawlary: Sesleriň ýaňadandan sanalan Jorjia ştatynda Jo Baýden üstün çykdy. 

El Mundo (Ispaniýa): Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, koronawirusa garşy Remdesivir atly dermanyň synagdan geçirilmän ulanylmagyna garşy göreş alyp barýar. 

Telesur (Wenesuela): ÝB dekabr aýynda Kovid-19-a garşy sanjymlaryň edilmegine rugsat berjekdigini habar berdi. 

Infobae (Argentina): Meksikanyň senady, ýurt derejesinde marihuananyň ulanylmagynyň öňüni açdy. Marihuanany ulanýanlar mundan beýläk jenaýat jogapkärçiligine çekilmez. 

Newsabah: Foreign Policy žurnaly: ABŞ-nyň hökümeti Ýemendäki Husileri terror guramasy hökmünde yglan etmegi meýilleşdirýär. 

Alraýa: Kovid-19-a garşy Pfizer kärhanasynyň sanjymlarynyň ilkinji tapgyry ýylyň ahyrynda Katara geler. 

Eldustour: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, musulman ymamlardan ybarat bir geňeşiň döredilmeginiň üstünde işleýär. 

France 24 (Fransiýa): Fransiýanyň Saglygy goraýyş ministri Oliwier Weran: "Kovid-19 sebäpli fransuzlaryň psihiki saglygy erbetleşdi" diýip belledi. 

France 24 (Fransiýa): Ýewropa Bileleşigi Moderna we Pfizer/BioNTech kärhanalary tarapyndan oýlanyp tapylan sanjymlary ulanmaga başlamagy meýilleşdirýär. 

Lenta.ru: Azerbaýjanyň goşuny, Daglyk Garabag bilen baglanşykly baglaşylan ylalaşyga laýyklykda Agdam sebitine girdi. 
RIA Nowosti: BRIKS maslahatynda çykyş eden Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Hytaýyň Kovid-19-a garşy göreşde ýeten sepgidi barada öwgi doly sözler aýtdy. Russiýanyň liderine görä, Hytaý koronawirusyň hötdesinden gelip boljakdygyny subut etdi.
TASS: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Koronawirus bejergisi üçin remdesiwir atly dermanyň ulanmazlygyny maslahat berýär. 

Etiketkalar: #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar