Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1530408
Daşary ýurt metbugatyna syn

Deutsche Welle: Geçirilen derňewe görä nemesleriň 16,5 göterimi daşary ýurt duşmany. 

Zeit Online: BioNTech firmasy tarapyndan oýlanyp tapylan sanjym ABŞ-da tassyklanylmagyna garaşylýar. 

Tagesschau.de: Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde koronawirus bilen bagly girizlen çäklendirmeler protest edildi. 

Newsabah: Senator Miç MakKonell, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa Owganystandan we Yrakdan tiz çekilýändigi barada duýduryş berdi. .

Alraýa: Yragyň demirgazygynda ýarag we partlaýjy madda saklanýan ammar ýok edildi.

Eldustour: Arap Koalisiýasy, Husiler tarapyndan Saud Arabystanyna uçurylan bir sany uçarmansyz howa ulagynyň od açylyp, ýere düşürilendigini habar berdi. 

Le Figaro: Koronawirus: Fransuz derman firmasy Delpharm, Pfizer we BioNTech tarapyndan oýlanyp tapylan sanjymy öndürer. 

Le Parisien: Karantin: Fransiýanyň hökümeti koronawirus sebäpli işsiz galanlara 33 milliard ýewro pul serişdesini bölüp aýyrdy. 

El Pais (Ispaniýa): Kanar adalaryndaky bosgun krizisi syýasy dartgynlyga sebäp bolýar. 

TeleSur (Wenesuela): Meksikanyň ozalky Goranmak ministri Salwador Sienfuges, ABŞ-nyň özüne garşy gozgan ähli kazyýet işlerinden boşadyldy we Nýu-Ýorkdan Meksika gaýdyp geldi. 

Gazeta.ru: ABŞ-nyň Kongresi rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň zäherlenmegi bilen bagly Russiýa garşy täze sanksiýalar girizmegi öz içine alýan kanun taslamasyny kabul etdi. 

Lenta.ru: Russiýanyň ýaýlym organlaryna daşary ýurtlarda girizlen çäklendirmelere garşy Russiýa öz gezeginde daşary ýurt internet platformalarynyň gadagan edilmegini öz içine alýan kanun taslamasynyň üstünde işleýär. 

TASS Agentligi: Fransiýanyň Senady, Daglyk Garabagyň garaşsyzlygyny kabul etmek bilen kanun taslamasyny ara alyp maslahatlaşar. 


Etiketkalar: #agentlik , #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar