Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1510210
Daşary ýurt metbugatyna syn

Deutsche Welle: Germaniýada çalt depginler bilen köpelýän koronawirusa ýolugýan adamlaryň sany hassahanalary aladalandyrýar. Germaniýanyň Hassahanalar bileleşigi, epidemiýanyň gözegçilik astyndan çykyp biljekdigi barada duýduryş berdi. 

Tagesschau.de: Germaniýanyň hökümetiniň 8 sagatlyk koronawirus maslahaty: Güýz pasly boýunça ylalaşyga gelinmedi.

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýanyň Saglygy goraýyş ministrligi, koronawirusyň iň köp hasaba alynan sebitlerinde barlaryň we restoranlaryň ýapylmagy bilen bagly meýilnamanyň üstünde işlenýär. 

La Razon (Ispaniýa): Ýewropa Bileleşigi Kovid-19 epidemiýasy sebäpli Ispaniýany pandemiýa kartasynda gyzyl reňke öwürdi. 

Telesur (Wenesuela): Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduro, Günorta Amerikanyň halklarynyň , ABŞ-nyň hüjümlerine we hemlelerine günsaýyn has berk we artýan güýç bilen jogap berýändigini habar berdi. 

Le Parisien: Fransiýada Kovid-19: Koronawirus garry adamlaryň arasynda çalt depginler bilen ýaýraýar. 

Le Monde: Fransiýada köçä çykmak gadagançylygy: Ýurdyň Medeniýet ministri Rozelin Baçelo, sungat çäreleri üçin ýeňillikleriň döredilmelidigini belleýär. 

Al-Kudus Al-Arabi: Azerbaýjan: "Türkiýäniň uçarmansyz howa ulaglary bilen Ermenistana degişli 1 milliard dollarlyk harby enjamyny ýok etdik" diýip habar berdi. 

Al Jazeera: Koronawirus: Fransiýada köçä çykmak gadagançylygy başlady, Britaniýada çäreler artdyryldy, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bolsa özüni izolýasiýa edýär. 

Al-Raýa (Katar): Liwiýa: Tarhuna şäherinde tapylan köpçülikleýin mazarlar, ýurdyň gündogaryndaky bikanun ýaragly güýçleriň lideri Halife Hafteriň jenaýatlaryna ýene-de birini goşdy. 

RIA Nowosti (Russiýa): Moskwada transport serişdelerine mundan beýläk maskasyz we elliksiz girip bolmaýar. 

Lenta.ru (Russiýa): Russiýada Kovid-19-a ýolugýan adamlaryň sanynyň 10-njy noýabra çenli artjakdygy çak edilýär. 

Izwestiýa (Russiýa): Russiýanyň hökümeti, ýurdyň ilatynyň 2024-nji ýyla çenli 1,2 million azalyp biljekdigini çak edýär. 


Etiketkalar: #dünýä , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar