Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1492274
Daşary ýurt metbugatyna syn

Aljazeera: Türkiýe we Russiýa Liwiýada parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmagyň bosagasynda. Liwiýanyň Milli Ylalaşyk hökümetiniň Premýer ministri Faiz Saradž bolsa häkimiýeti öňümizdäki aý täze bir hökümete bermäge taýardygyny habar berdi.  

Al Shark (Katar): Britaniýanyň adam hukuklary guramalary, Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy bilen bagly şertnama gol çeken BAE we Bahreýne garşy boýkot geçirmek barada çagyryş berdi. 

Addustour (Iordaniýa): Jöhit ýaşaýjylaryň Aksa metjidine garşy eden-etdilikleri dowam edýär. Ysraýylly esgerler Iýerusalimde palestinaly 6 maşgala degişli öýi ýumurmaga mejbur edýär. 

Le Figaro: Ösen ýurtlar koronawirusa garşy öndüriljek Kovid-19 sanjymlarynyň ýarsyny özlerine aýyryp goýdy. 

Le Monde: Fransiýanyň hökümeti ýurdyň ykdysadyýetiniň şu ýyl 10 göterim peseljekdigini belleýär. 

Libération: Kovid-19: Fransiýanyň Bilim ministri Žan-Mişel Blanker 81 mekdebiň Kovid-19 sebäpli ýapylandygyny habar berdi. 

El Mundo (Ispaniýa): Kovid-19-a ýolugýan adamlaryň artmagy sebäpli Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherindäki "Ifema" hassahanasy ýaňadandan açylmak üçin taýarlyk görülýär. 

El Universal (Meksika): ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Meksikany dünýäde neşe maddalaryny öndürýän esasy ýurtlaryň sanawyna goşdy. 

El Tiempo (Kolumbiýa): Kolumbiýanyň Saglygy gorayş ministrligi Kovid-19-yň 2-nji  tolkunynyň ilkinji ýaly täsirli bolmajakdygyny belleýär. 

Deutsche Welle: Prezident Rejep Taýýip Erdogan we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly Gündogar Ortaýer deňizini ara alyp maslahatlaşdy. 

Tagesschau: Germaniýada rasist beýanatlar beren 29 polisiýa işgärine garşy kazyýet işi gozgaldy. 

Tass agentligi: Forbes žurnalyndaky sanawda Lukoil nebit kärhanasy Russiýanyň iň uly kärhanasy statusyny gorady. 

RIA Nowosti: Polşa, 2010-nji ýylda Russiýanyň Smolensk şäherinde başdan geçirilen, içinde zamananyň Döwlet baştutany Leh Kaçinski hem bolan uçar heläkçiligi bolan mahly iş alyp baran howa menziliniň aragatnaşyk diňiniň operatorynyň tussag edilmegini isledi. 

RBK: ÝB rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý bilen bagly dawada atlary geçýän ähli adamlaryň emläkleriniň doňdurylmagyny isledi. 



Degişli Habarlar