Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1491631
Daşary ýurt metbugatyna syn

Ria Nowosti: Su-27 kysymly rus uçary Baltika deňizinde ABŞ-a degişli razwedka uçarynyň öňüni kesdi. 

RGRU: "Jezeri" atly uçýan awtouulag Türkiýede "Baýraktar" kärhanasy tarapyndan tanyşdyryldy. 

Kommersant: Russiýanyň "Domashniý" kanaly, "Ykbalymyň ýazylan güni" atly türk serialyny görkezer. 

zdf.de:  Germaniýa Gresiýanyň adalaryndan 1 müň 553 bosgunyň kabul ediljekdigini habar berdi. 

Deutsche Welle: Germaniýa koronawirus sanjymynyň üstünde işleýän 3 nemes kärhanasyna 750 million ýewro pul kömeginiň beriljekdigini aýan etdi. 

Welt.de: Germaniýada önümçilik senagaty pudagy boýunça iş bilen üpjün edilen adamlaryň sany soňky 10 ýylyň iň pes görkezijisine eýe boldy. 

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Katar, Palestina meselesi çözülýänçä çenli Ysraýyl bilen gatnaşyklary ýola goýmaz. 

Al-Mustakbal (Liwan): BAE bilen Ysraýylyň arasynda kadalaşma tapgyry bilen bagly şertnama gol çekişildi. 

El Mundo (Ispaniýa): Kovid-19-a ýolugan adamlar wirusa ýoluganyndan başlap 90 güne çenli wirusy beýleki adamlara ýokduryp bilýär. 

Prensa Latina (Kuba): Kubada halkara syýahatçylyk 2020-nji ýylyň ilkinji ýarymynda 65 göterim peseldi. 

Infobae (Argentina): ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Günorta Amerika ýurtlaryna gurajak saparynyň çäginde Braziliýanyň we Wenesuelanyň arasyndaky serhede baryp görer. 

Le Monde: Kovid-19 epidemiýasy Nýu-Ýork şäherindäki kärhanalarda batmak howpuny döretdi. 

France 24: Ýaponiýada Premýer ministr wezipesine saýlanan Ýoşihida Suga, Sinzo Abeden wezipäni kabul edip alar. 

Le Soir (Belgiýa): Klimat çalşygy Belgiýada mundan soň has uly ýitgi çekilmegine sebäp bolar. 


Etiketkalar: #metbugat , #agentlik , #dünýä , #gazet

Degişli Habarlar