Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1473013
Daşary ýurt metbugatyna syn

“Doçe Welle” ÝB-niň, Gündogar Ortaýer deňizinde, Gresiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky dartgynlygyň gowşamagy üçin diplomatiýa taýdan tagalla edýändigini mälim edýär.

“Tagessçau.de” Germaniýanyň Bawýera welaýatynda täze görnüş koronawirusyň anyklanylmagy üçin geçirilýän testlerde uly ýalňyşlygyň ýüze çykandygyny belleýär.

“Suddaýçe Saýtung” gazeti, Italiýada, Premýer ministr Konteniň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň alyp barýan Kowid-19 syýasatyna garşy 200-den gowrak işiň gozgalandygyny nygtaýar.

Çilide çap edilýän “La Tersera” gazeti, Wenesuelanyň paýtagty Karakasyň gubernatory Wiwasyň koronawirus sebäpli ýogalandygyny habar berýär.

Argentinanyň “Infobae” habarlar gullugy, Meksikanyň Prezidenti Lopesiň, “Ýoksullar aladalanmasyn, Kowid-19 sanjymy tölegsiz bolar” diýen sözlerine ýer berýär.

Ispaniýanyň “El Paris” gazeti, ABŞ-nyň gümrük salgydy sebäpli ispan ekerançylyk pudagynyň 7 aýda 200 million ýewrolyk ýitgi çekendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Le Parisien” Fransiýanyň Lýon şäherinde metjitlerdäki ýangynyň ýurtdaky musulmanlary aladalandyrýandygyny belleýär.

“Le Monde” Fransiýada täze görnüş koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň artýandygy sebäpli iş ýerlerinde maska dakylmagy meselesiniň gün tertibinde esasy orun eýeleýändigini belleýär.

“Al Guds Al Arabi” Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň, “Taryh Ysraýyl bilen şertnama baglaşandygy üçin Birleşen Arap Emirliklerini bagyşlamaz” diýen beýanatyna ýer berýär.

Katarda çap edilýän “Al Şarg” gazeti, Palestinanyň, “Ysraýyl bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky şertnama, Palestina edilen dönüklükdir” diýen beýanatyna ünsleri çekýär.

“Izwestiýa” ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ozalky aklawçysy Mişel Koheniň, kytabynda, “ABŞ-nyň lideri 2016-njy ýyldaky prezident saýlawynda Russiýa sebäpli üstünlik gazandy” diýlendigini belleýär.

 

 

 



Degişli Habarlar