Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1470896
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

“Şpiegel.de” “Germaniýada guraklyk” söz başyly habarynda, şäher häkimliklerinyň suwyň tygşytly ulanylmagy üçin çagyryş berendigini ýazýar.

“Frankfurter Allgeine saýtung” gazeti, Saglygy goraýyş ministriniň, janköýerleriň futbol bäsleşiklerine gatnaşmagyna garşydygyny belleýär.

“DPA”, “Liwida söweş” söz başyly habarynda, Germaniýanyň, Fransiýanyň we İtaliýanyň bikanun ýarag söwdasyna garşy sanksiýa goýmaga taýarlanýandygyny nygtatar.

İordaniýada çap edilýän “Addastour” gazeti, Liwanyň Premýer ministri Hassan Diýabyň wezipesinden çekilendigini ýazýar we Diýabyň “Galplyk Liwanda esasy mesele” diýen sözlerine ýer berýär.

Katarda çap edilýän “Al Raýa” gazeti, Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetirijiler geňeşinin başlygy Beasliniň “Birnäçe güniň dowamynda Liwana müňlerçe tonna gallanyň ugradyljakdygy hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Al Raýa” gazeti, Beýrut portunda 4-nji awgustda bolan parlamanyň şäheriň taryhy binalaryna uly zeper ýetirendigini belleýär.

Fransiýada çap edilýän “Le Mone” gazeti, Nigerde fransuz ynsanper kömek guramasynyň işgärleriniň öldürilmeginiň, sebitde howpsyzlyk meselesiniň gün saýyn agyrlaşýandygyny görkezýändigine ünsi çekýär.

“Le Parisien” gazeti, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň ýolbaşçylygynda geçirlen Liwan üçin kömek konferensiýasynda 250 million ýewronyň ýygnalandygyny belleýär.

“Liberation gazeti, Beýrutda howpsyzlyk güýçleri tarapyndan demonstrantlara garşy ulanylan göz ýaşardyjy bombanyň bir böleginiň, fransuz firmalar tarapyndan satylandygynyň ýüze çykandygyny nygtaýar.

Ispaniýada çap edilýän “El Mundo” gazeti, hünärmenleriň Ispaniýanyň koronawirusa garşy has berk çäre görmelidigine ünsi çekýändigini ýazýar.

Argentinada çap edilýän “Klarin” gazeti, täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli Argentinada hususy pudakda işleýänleriň 12 göteriminiň işsiz galandygyny mälim edýär.

“Izwestiýa” gazeti, Türkiýäniň syýahatçylaryň ýurda girmegi üçin täze düzgünler goýandygyny belleýär.

“RIA Nowosti” ABŞ-nyň Prezideni Donald Trampyň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putini G-7-niň liderler maslahatyna çagyrmak isleýändigini nygtaýar.

“TASS” Belarusyň paýtagty Minksde, prezident saýlawyndan soň başlan protest ýörişlerinde 1 adamyň ýogalandygyny belleýär.

 

 



Degişli Habarlar