Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1464575
Daşary ýurt metbugatyna syn

Newsabah (Yrak): ÝUNISEF, takmynan 7 million çaganyň ýeterlik derejede iýmitlenip bilmejekdigini habar berdi. 

Raýa (Katar): Katarda dellekhanalarda we sport merkezlerinde işleýänler koronawirus testinden geçirilmäge başlandy. 

Addustor (Oman): Iordaniýaly syýasatçy we ykdysadyýetçi Jewad Elanani şu ýyl Iordaniýanyň ykdysadyýetiniň 4,3 göterim peseljekdigini çak etdi. 

Le Figaro: Syýasatçylara bolan ynam bilen baglanşykly geçirilen sowalnamanyň netijesine görä, Prezident Emmanuel Makrona bolan ynam 6 göterim artdy, täze Premýer ministri Žan Kasteks bolsa fransuzlaryň 50 göterimiden gowragynyň ynam sesini aldy. 

Le Parisien: Gurban baýramy Il-de-Frans sebitinde giň gerimli howpsuzlyk çäreleriniň astynda bellenilip geçiler. 

El Mundo (Ispaniýa): Ispaniýanyň ykdysadyýeti duýduryş berýär. Syýahatçylyk pudagynda basylan tormoz sebäpli 5 million adam işsiz galar we azyndan 8 pudaga ýaramaz täsir ýetirer. 

El Pais (Ispaniýa): Koronawirus epidemiýasy Ispaniýada has berk çäreler görülen döwrüň tizligine ýetdi. Ýeke täk tapawut, keselleýänler ozalkylardan has ýaş we aglabasynyň saglyk ýagdaýlary gaty agyr däl. 

El Nasional (Wenesuela): Braziliýada Kovid-19 sebäpli ölüm derejesi rekord derejä ýetip barýarka, syýahatçylyk maksatly uçar saparlary ýaňadandan başladyldy. 

Süddeutsche Zeitung: ABŞ Germaniýadan 11 müň 900 esgerini yzyna çeker. 

Deutsche Welle: Britaniýanyň Ankara şäherindäki ozalky ilçisi MI6 gullugynyň başyna geçirildi. 

Zeit Online: Germaniýada howply zolaklardan gaýdyp gelen syýahatçylar, öňümizdäki hepde howa menzillerinde testden geçmäge mejbur bolar. 

Regnum habar saýty: Rus alymlar koronawirusyň suwda näçe wagt galyp bilýändigini anykladylar: iň köp 24 sagat. 

Izwestiýa Gazedi: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurdynyň Russiýa energetika üçin milliardlarça dollar töleýän Germaniýany goramak jogapkärçiliginiň ýokdugyny belledi. 

TASS Agentligi: Belarussiýada terrorçylykly hüjüm guramak isländikleri şübhesi bilen Russiýanyň raýatlary göz tussaglygyna alyndy. 



Degişli Habarlar