Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1463186
Daşary ýurt metbugatyna syn

Le Soir: Koronawirus: Belgiýanyň Anwers şäherinde köçä çykmak gadagaançylygy girizildi we maska dakmak mejbur ýagdaýa getirildi. 

France 24: Ýewropa 2-nji tolkuna garşy Kovid-19 bilen bagly çärelerini artdyrýar. 

Le Monde: Fransiýanyň Gironde sebitinde ýüze çylan ýangynda takmynan 250 gektar tokaý meýdany kül boldy. 

Al Kuds Al Arabi: Kuweýdiň hökümediniň beýanaty: ABŞ-da geçirilen üstünlikli operasiýadan soň bejergisi dowam edýän Kuweýdiň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmed As-Sabahyň saglyk ýagdaýy kanagatlanarly. 

Al Jazeera (Katar TV): Jorj Floýda edilşi ýaly ABŞ-nyň Federal güýçleri, boýnuna elleri we dürreleri bilen basan Amerikaly ýaş bir gyz "Dem alyp bilemok" diýip gygyrdy.  

Al Raýe Al Katariýýe (Katar): Arap ýurtlarynyň elektrik işlerinden jogapkär ministrleriniň telekonferensiýa arkaly geçiren maslahatynda, Arap Elektrik Bazaryň gurulmagy bilen bagly gepleşikler geçirilýär. 

Bild.de: Portlantdaky wakalar: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, protestçilere 10 ýyl azatlykdan mahrum edilip bilinjekdikleri barada duýduryş berdi. 

Spiegel.de: Germaniýada jynaza çäresinden soň, 50 adam Kovid-19-a ýolukdy. 

Deutsche Welle: 30 müň Amerikaly Kovid-19 synag sanjymyny etdirdi. 

La Wanguardia (Ispaniýa): Britaniýada Premýer ministr Boris Jonsonyň ýolbaşçylygyndaky hökümet, Ispaniýa üçin weto kararyny giňeldip, Kanar we Balear adalaryna mejbur bolmadygy saýyn sapar guralmazlyk barada maslahat berdi.

Infobae (Argentina): Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduro, Kolumbiýaly kärdeşi Iwan Dukeden koronawirusa garşy hereket meýilnamsasyny koordinasiýa etmegini isledi. 

Lenta.ru haber saýty: Russiýada Türkiýä gelmek isleýän syýahatçylara täze düzgünler beýan edildi: Gyzgynlary ölçener, mugt koronawirus testi geçiriler, koronawirusa ýolugan adamlar bejergi ediler. 

TASS Agentligi: Ýewropanyň Russiýadan import edýän önümlerine getirjek uglerod salgydy ýyllyk 4,8 million dollarlyk zyýana sebäp bolar. 

RIA Nowosti: NASA ululygy futbol meýdançasy bilen deň bolan bir asteroidiň dünýä golaýlandygyny habar berdi. 


Etiketkalar: #agentlik , #gazet , #dünýä , #metbugat

Degişli Habarlar