Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň seslenme döredýär

1456809
Daşary ýurt metbugatyna syn

Katarda çap edilýän “Alraýa” gazeti, Katar bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanýandygyny ýazýar.

Iordaniýada çap edilýän “Eldustur” gazeti, “Bütindünýä Bankynyň geçiren ylmy baglaryna görä, “täze görnüş koronawirus epidemiýasy önümçiligiň artmagyny bökdeýär we ýoksullygynyň öňüniň alynmagy baradaky tagallara wehim salýar”diýip ýazýar.

Yrakda çap edilýän “Newsabah” gazeti, şu ýyl Haj zyýaratlarynyň bes edilmeginiň Saud Arabystanynyň ykdysady taýdan kynçylyk çekmegine sebäp bolýandygyny habar berýär.

“Welt.de” Germaniýanyň, ABŞ-na “Enertegiýa syýasatymyzy özümiz kesgitläris” diýip duýduryş berendigini nygtaýar.

“t-online.de” Germaniýada koronawirus garşy käbir çäreleriň görüljekdigini belleýär.

Ispaniýanyň “EFE gullugy” koronawirusyň çalt depginde ýaýraýandygy sebäpli Barselonada käbir çäklendirmeleriň goýuljakdygyny mälim edýär.

Wenesuelada çap edilýän “Telesur” gazeti, Kubanyň Prezidentiniň, täze görnüş koronawirus epidemiýasyndan soň ykdysadyýeti güýçlendirmek üçin taýarlanan täze strategiýa hakynda maglumat berendigini ýazýar.

Fransiýada çap edilýän “Le Monde” gazeti, Kovid-19 epidemiýasynyň ýaňadandan täsiriniň güýçlenmegine garşy, Fransiýada geljek hepdeden başlap halka açyk we ýapyk ýerlerde maska dakylmagynyň mejbury ýagdaýa getiriljekdigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Frans 24” Epidemiýada ikinji tolkun howpuna garşy Ýewropa ýurtlarynyň berk çäre görýändigini aýan edýär.

Rus “TASS” habarlar gullugy, Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mariýa Zaharowanyň, ABŞ-nyň Siriýadaky terrorçylary höweslendirýändigine ünsi çekendigini belleýär.

“Interfaks” resmi Moskwanyň, Siriýany durnuksyzlaşdyrmakdan ýüz öwürmegi üçin ABŞ-na çagyryş berendigini habar berýär.



Degişli Habarlar