Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt habar beriş serişdeleri dünýäniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1452607
Daşary ýurt metbugatyna syn

Le Soir: Belgiýada dükanlarda, kinoteatrlarda we muzeýlerde koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde şu hepdäniň şenbe gününden başlap maska dakmak mejbur ýagdaýa getiriler. 

France 24: Asly Afrikaly bolan Jorj Floýd, polisiýa işgärleriniň eden-etdiliginden ozal: "Meni öldürerler" diýip duýduryş beripdi. 

Le Figaro: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, ýangyn sebäpli zyýan ýeten Notr-Dam de-Pariniň, buthana meňzeş ýagdaýda abatlanmagy üçin görkezme berdi. 

Eldustur: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy Kovid-19-yň ýokmagynyň görnüşleri babatyndaky pozisiýasynyň ýalňyşdygyny kabul etdi. 

Elkudus: Gaza: Polisiýa gullugy, bedeninde urgylaryň yzy bolan gyz çaganyň ölümi bilen baglanşykly derňew işini dowam etdirýär. 

Alraýa: Günbatar Şeriada 1 palestinaly Ysraýylyň oky bilen şehit boldy. 

El Pais, Ispaniýa: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy Kovid-19-yň ýapyk ýerlerde howa arkaly ýokup bilýändigini kabul etdi. 

La Wanguardia, Ispaniýa: Epidemiýada täze bir tolkunyň emele gelmegine alada bildirip, Balear adalarynda maska dakmagy mejbur ýagdaýa getirdi. 

Infobae, Argentina: Wenesuela Diosdado Kabellonyň Kovid-19-a ýolugandygyny tassyklady. 

DW: BMG-nyň dokladçysy: "Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçynyň jenaýaty bilen baglanşykly Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Bin Selmanyň kazyýetiň öňüne çykmagy mümkin däl" diýip belledi. 

Zeit Online: Serbiýanyň paýtagty Belgrad şäherinde Kovid-19 bilen baglanşykly geçirilýän protestlerde demonstrantlar bilen polisiýa işgärleriniň arasynda çaknyşyk boldy. 

Gazeta.ru: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy Kovid-19 bilen bagly käbir çäklendirmeleriň düzgünler berjaý edilmän halatynda ýaňadadan güýje girjekdigini belledi. 

TASS Agentligi: Russiýanyň syýahatçylyk bileleşiginiň başlygy Ignatýew: "Ýylyň ilkinji 6 aýynda pudagyň ýitgisi 1,5 trillion rubli geçdi" diýip habar berdi. 

RIA Nowosti Agentligi: Russiýada Kovid-19 ýilen bagly sanjymyň synaglarynda soňky tapgyra gelindi. 


Etiketkalar: #agentlik , #dünýä , #habar

Degişli Habarlar