Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt habar beriş serişdeleri dünýäniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1446112
Daşary ýurt metbugatyna syn

Le Parisien: Il-de-Frans welaýatynda geçen ýerli saýlaw: Fransiýada şäherleriň başyndaky zenan häkimleriň sany artýar. 

Le Figaro: Ýaş bosgunlar Parižde bikanun çadyr düşelge gurdylar. 

Le Soir (Belgiýa): Ýewropada kadalaşma meýilnamasy: Germaniýanyň Federal Kansleri bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron ykdysady operasiýalar başlatmak barada karar kabul etdiler. 

Bild.de: Germaniýada indi hiç kim koronawirus bilen bagly çärelere gulak asanok. 

Deutsche Welle: Wenesuela, ÝB-nyň sanksiýalaryna jogap hökmünde ÝB-nyň Ilçisini ýurtdan çykarmak barada karar kabul etdi. 

ard.de: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, ýurdunyň ÝB-nyň döwürleýin başlyklygyny kabul etmeden ozal Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrony Berline çagyrdy. 

Al-Jazeera: Ýewropa Parlamendiniň agzasy, wekili Çarlz Gerens, BAE-den Halkara zähmet guramasynyň işgärleriň hukuklary bilen bagly kanunlaryny gyssagly ýagdaýda durmuşa geçirmegini isledi.  

Al Jazeera: Saud Arabystany we Waşington Eýrana garşy goýulan embargolaryň möhledini uzaltmak isleýär. 

Al Kuds Al Arabi: Eýran Kasym Süleýmaniniň öldürilmegi bilen baglanşykly ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň tussag edilmegi barada buýruk çykardy we Interpol gullugyndan ýardam talap etdi. 

Al Raya (Katar): Siriýanyň gelejegini goldamak maksady bilen geçirilýän Brýussel konferensiýasy şu gün başlady. 

El País (Ispaniýa): Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançez şu gün Mawritaniýa sapar gurar. 

La Vanguardia (Ispaniýa): ÝB 1-nji iýuldan başlap dünýäniň 15 ýurduna serhetlerini açýar. ABŞ, Russiýa we Braziliýa sanawda ýok. 

TASS: Russiýanyň Daşary işler ministrligi, ABŞ-nyň ýadro synaglaryny ýaňadandan başlatmagyň ýoluny açandygyny habar berdi. 

RIA Nowosti: Russiýanyň federal howpsuzlyk gullugy Wladikawkazda terrorçylykly hüjümiň öňüni aldy. 

TASS: ABŞ Russiýa eksport çäklendirmeleriniň gerimini giňeltdi. 


Etiketkalar: #metbugat , #dünýä , #gazet

Degişli Habarlar